“Mizan” täjirçilik merkeziniň “Mizan” myhmanhanasy boýunça ilata hödürlenýän hyzmatlar:

 

“Mizan” myhmanhanasynda myhmanlar üçin niýetlenen ýaşaýyş jaýlary bar. Olaryň sany 42 sany otaglardyr. Olaryň içinde 2-sanysy bir orunlyk 105 manat bir gije-gündize (30 amerikan dollar). 35-sany otag 2-adamlyk (bir ýatak otagy, myhman otagy ) – 175 manat bir gije-gündize (50 amerikan dollar). 5-sany maşgala üçin niýetlenen ýaşaýyş otagy (ulular üçin ýatak otagy, çagalar üçin ýatak otagy, myhman otagy), bir gije-gündize 245 manat (70 amerikan dollar).

Myhmanhanyň 160-orunlyk restorany bar. Bu restoran myhmanhananyň ýaşaýjylaryna hem-de daşyndan gelýän myhmanlara hyzmat edýär. Restoran ýokary kwalifikasiýaly aşpezler, tehnologlar, master-aşpezler bilenüpjün edilen.

Myhmanhanada ýaşaýjylar üçin ýöriteleşdirlen hammam (sauna) bilen üpjün edilen.

Myhmanhanada ýaşaýjylar üçin ýöriteleşdirlen bilýard-baram bar.

Myhmanhanada möwsümleýin işleýän tomusky suwa düşülýän howzy bar. Suw howzy ýylyň 1-nji iýunyndan 1-nji sentýabr aralygynda işleýär. Suw howzy şäheriň ýaşaýjylary we myhmanlar üçin niýetlenen. Howzyň düzüninde kiçi çagalar üçin ýöriteleşdirlen howuz gözöňinde tutulan. Howuz işlän döwründe doly derejede jemgyýetçilik iýmiti hyzmatlary, bar hyzmatlary bilen doly üpjün edilýär. Howzyň bahasy adam başyna 50 manat. Howzyň işleýän wagty 8-00-dan 22-00 çenli. Howuzda suwa taýyp düşülýän enjamlar bilen hem üpjün edilen.

Myhmanhananyň administratiw binasynda ýerleşýän, ýörite niýetlenen ofisler üçin otaglar hem bar.

Myhmanhana degişli bolup durýär, Aşgabat şäheriniň Tehran-5 köçesinde ýerleşýän “Aýna” restoranam bar. “Aýna” restoranynda iki sany söwda zaly bar. Uly zalynda 400 orunlyk toý zaly, kiçi zalynda 160 orunlyk restoran bar. Bu restoran esasanam toý dabaralaryny, doglan günleri we beýleki dabaralary geçirmek üçin niýetlenen. Bu restoran “Mizan” myhmanhana bagly bolanlygy üçin bu ýerde hem myhmanhananyň aşpezleri, ofisiantlary hyzmat edýärler.

tm_TMTürkmençe