Aşgabat şäheri, Arçabil şaýoly 55
Telefon belgimiz +993 12482853
Mizan myhmanhanasy barada

Daşary ýurtly syýahatçylar we Türkmenistanyň ýerli raýatlary üçin amatly otaglar

"Mizan" myhmanhanasynyň esasy ugry daşary ýurtly jahankeşdeler we Türkmenistanyň ýerli raýatary üçin niýetlenen ýokary komfortabelny otaglardan ybarat bolan ýaşaýyş jaýlary bardyr. Myhmanhananyň ýaşaýyş jaýlary myhmanhana degişli bolan administratiw binadan we sergiler zalynyň binasyndan aýratyn duran binadyr. Binanyň gurluşy iki gatdan ybarat bolup, her gatynda 12-sany otag 2-(iki) adamlyk , 4-sany otag maşgala üçin niýetlenen otaglardan ybaratdyr. Iki adamlyk otagyň bahasy daşary ýurtly raýatlar üçin bir gije-gündizine 50$ ýerli raýatlar üçin bir gije-gündizine 175 manat. Maşgala üçin niýetlenen otag daşary ýurt raýatlary üçin 70$. Ýerli raýatlar üçin 245manat. Müşderiler bilen hasaplaşyk wagt 12.00dan- 12.00 çenli. Hasaplaşyk wagty Aşgabat wagty bilen ýöredilýär. Müşderilerden tölegler nagt däl görnüşde terminallaryň üsti bilen we nagt görnüşde amala aşyrylýar. Daşary ýurt raýatlary üçin Visa Master kartlary hereket edýär. Myhmanlar üçin dürli görnüşde myhmanhana boýunça hyzmatlar hereket edýär. olardan: Myhmanhananyň 2-nji gatynda gije-gündiz işleýän restorany bar. Restoranda dürli görnüşli naharlary taýýarlanýan aşpezler bilen üpjün edilendir. Restoranyň tagamnamasynda dürli görnüşli milli tagamlar we ýewropanyň, aziýanyň we başga ýurtlaryň tagamlaram bar. Myhmanhananyň restorany ýokary kwalifikasiýaly ofisanlar bilen üpjün edilendirler. Ofisantlaryň kömegi bilen restorandan müşderiniň buýurmasy esasynda otaglara eltip berme hyzmatlary ýola goýulan. Mundan başgada myhmanhanada müşderiler üçin hamam (sauna), billiýard-bar, tomusky suwa düşülýän howuz, müşderiniň egin-eşiklerini ýuwup bermek ýaly hyzmatlar hödürlenýär.